Biz barada


Garaşsyz baky  Bitarap türkmen döwletimiziň professional saz sungatynyň ösmegine öňjeýli goşant goşup gelýan sungat ussatlarynyň hemmesi diýen ýaly hut şu Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda öz ilkinji saz adimlerini ädipdirler diýsek, onda bu tanymal mekdebiň halkymyzyň milli medeniýetinde uly derejede mynasyp orun alandygyny göz öňüne getirip bileris.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mekdebiň öňden gelýän bu ajaýyp, asylly däpleri has-da belent derejelerde dowam etdirilýär.
Çagalary saz gözelligi bilen gaplap, olary professional sungatyň giň  ummanyna ataran bu tanymal mekdebiň taryhyna göz aýlalyň.
Türkmenistanda sungatyň dürli ugurlaryndan orta hünärli ýaşlary ýetişdirmek maksady bilen 1929-nji ýylda özünde çeperçilik hem-de saz ugurlary bolan ilkinji gezek çeperçilik tehnikumy açylýar. Şol ýylyň iş tejiribesinde oglan-gyzlary ilki bilen saz endiklerine çagalykdan terbiýelemek meselesi ýüze çykýar. Şonuň üçin hem tehnikuma kabul edilen uly ýaşlar bilen birlikde saza höwes bildiren kiçi synpdaky çagalar üçin ýörite aýratyn taýýarlaýyş topary döredilýär, olaryň sazdan daşary geçilýän ähliumumy mekdep sapaklaryny bolsa Aşgabat şäheriniň orta mekdeplerine gatnap okamaklary ýola goýulýar.
Bu döwürde tehnikuma esasan Marynyň, Çärjewiň, Kerkiniň hem-de Aşgabat şäheriniň ýetimler öýüne düşen saza ukyply höwesjeň çagalar saýlanylyp alynýar we olar umumy ýaşaýyş jaýy, iýmek-içmek ýaly serişdeler bilen doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýar.
1935-nji ýylda tehnikum ikä bölünip, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesine hem-de Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesine öwrülýär. Şol ýylyň okuw ýylynda hem saz ugrundan kiçi synpdaky çagalaryň taýýarlanyş toparynyň esasynda, umumy ýaşaýyş jaýy bilen döwlet üpjünçiligindäki  aýratyn ilkinji sazçylyk mekdebi döredilýär. Şol günden başlap hem häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň senenamasy başlanýar.
1937-nji ýylda Türkmenistanyň hökümetiniň ýörite karary bilen Aşgabatda şol wagtky Krasnowodsk şäherinde, Maryda, Baýramalyda, Çärjewde, Kerkide we Daşoguzda şäher sazçylyk mekdepleri açylýar.
Aşgabatda açylan täze mekdebe №1 çagalar sazçylyk mekdebi diýlip atlandyrylýar. Öňden gelýän sazçylyk mekdebe bolsa Respublikan sazçylyk mekdebi statusy berilýär. Şeýlelik bilen mekdep 1937-nji ýyldan başlap Respublikan ýörite orta sazçylyk mekdebi diýlip atlandyrylýar.
Taryhy döwür içinde mekdep fortepiano, skripka, alt, wiolançel, kontrabas, goboý, fleýta, klarnet, fogot, truba, woltorna, trambon we kakylyp çalynýan saz gurallarynda ýerine ýetirjileriň onlarçasyna ”ak pata” berip, uly sungat ýoluna ugrukdyrylýar. Olaryň köp bölegi türkmeniň ilkinji professional saz sungatynyň düýbüni tutujylar hökmünde öňe saýlanyp, ussat ýerine ýetirjiler, sazçylyk okuw jaýlarynda ýaşlara hunär öwredýän mugallim bolan bolsalar, olaryň birnäçesi teatrlaryň, filarmoniýalaryň ilkinji sazandalary bolýarlar.
Mekdebi tamamlanlaryň ençemesi soňra Moskwanyň, Daşkentiň, Almaatanyň we beýleki şäherleriň döwlet konserwatoriýalaryny tamamlap, uly sungat ussatlary bolup ýetişdiler.
Türkmenistanyň halk artisti meşhur aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewa dirižor Aman Şahberdiýew, Türkmenistanyň sungatda  at gazanan işgarleri professor Kakajan Ezizow, belli dirižor Mäne Meredow, Türkmeniň içinden  ilkinji çykan  pioninoçy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gözel Annamämmedowa, Türkmenistanyň halk artisti Roza Töräýewa mekdebiň ilkinji uçurymlary bolup, olar sungatyň ilkinji ädimlerini hut şu mekdepden başlapdyrlar.
Geçilen taryhy döwür içinde mekdebe dürli ýyllarda A.Mämmedow, S.Hojamow, A.Murzaýew, S.Annamyradow, H.Magtymgulyýew, A.Saparow, A.Gunilow, K.Abdyýew, B.Rejepmedow, G.Mämmedow, A.Çerkezowa, H.Muhammetkulyýew, J.Gurbangylyjowa, B.Babanyýazow ýaly hunärmenler köp ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk edip, türkmen professional sungatynyň geljekki nesillerini terbiýeläp etişdirmek işine uly goşant goşdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mekdebimiziň ahwalatyna täze nur çaýyldy.
Mähriban Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda 2011-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda türkmeniň ýaş zehinleri üçin gurduryp beren mekdebiň ajaýyp täze binasynyň açylyş dabarasy bolup geçdi.  
Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň dünýä ülňülerine laýyk täze okuw binasy, okuwçylar üçin ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýy, ýörite sport-türgenleşik merkezi, çykyşlar zaly bu halkymyzyş Milli  Lideriniň  ýaş nesilleriniň ylymly, bilimli, ýokary hünärli sazandalar bolup ýetişmekleri  barada edýän taýsyz tagallalarynyň miwesidir.
”Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň täze binasy professional saz sungatymyzy has-da kämilleşdirmek we dünýä ýaýjak zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýeti bolar” diýip Mähriban Arkadagymyzyň mekdebiň açylyş dabarasynda aýdan parasatly sözleri mekdebiň ähli işgärlerinde uly döredijilik joşgunyny döretdi. 
Häzirki wagtda mekdepde sekiz bölüm, ýagny milli saz gurallary, kirişli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, fortepiano, saz nazarýeti,horeografiýa  umumy fortepiano bölümleri hereket edýär.
Mekdepde saz toparlaryna aýratyn ähmiýet berilýär, çünki saz toparlary  hünär terbiýesiniň  aýrylmaz bölegi bolmak bilen ol okuwçylara köpçülik bolup ýerine ýetirmegiň, sahnada özüňi alyp barmaklygyň wajyp endiklerini özünde jemleýär. 
Mekdepde uly tanymallyga eýe bolan toparlaryň biri-de “Mukam “skripkaçylar toparydyr. Mekdepde ondan başgada dutarçylar topary, gyjakçylar, wiolonçeller  topary, akkordionçylar, birleşen çagalar hor topary we estrada  topary hereket edýär.Mekdebiň simfoniki orkestri   mekdebiň döredilen  gününden bäri hereket edýän professional saz toparlarynyň biridir. Mekdebiň üflenip çalynýan saz gurallary topary biziň ähli medeni-köpçülik çärelerimiziň bezegi bolup gelýär. Mekdebiň halk saz gurallary orkestri mekdepde iň uly toparlaryň biri bolýandygyna garamazdan, ol çylşyrymly eserleriň hötdesinden gelýändigi bilen eýýäm özüni tanatdy.
Mekdebiň uçurymlary saz gurallarynyň dürli görnüşleri boýunça uly abraýly bäsleşiklere gatnaşyp, mekdebe bütin türkmen sungatyna uly üstünlikler ýetirip gelýärler.
Amangül Gylyçmyradowa fortepiano saz guraly boýunça Orta  Aziýa we Gazagystan döwletleriniň  arasynda geçirilen bäsleşigiň  ýeňjisi, 1995-njiýylda H.Halmämmedow adyndaky halkara bäsleşigiň ýeňjisi, Merdan Bäşimow halkara radio bäsleşigiň ýeňjisi, Ogulkeýik Hojagurbanowa fortepiano saz guraly boýunça 2009-nji ýylda F.Şopen adyndaky halkara bäsleşiginiň ýeňjisi , Ahmet Mämmedow Goldenberg adyndaky halkara bäsleşigiň ýeňjisi,  Serdar Geldimyradow Orta Aziýa we Gazagystan döwletleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň  ýeňijisi.
Mekdepde tejiribeli ussat mugallymlaryň jemlenmegi bilen baglylykda mekdep diňe bir hünär terbiýesini amala aşyrman, eýsem ol güneşli diýarymyzda bar bolan sazçylyk sungat mekdeplerine usuly maslahatlary berip, hünär öwretmegiň täze-täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmakda-da, täze okuw kitaplary, gollanmalary ýazmakda-da okuw maksatnamalaryny düzmekde-de okuw-maslahat merkezi hökmünde hereket edýär.

Mugallymlar

Garaşsyz baky  Bitarap türkmen döwletimiziň professional saz sungatynyň ösmegine öň [...]

Sanly bilim

Garaşsyz baky  Bitarap türkmen döwletimiziň professional saz sungatynyň ösmegine öň [...]

Saglyk merkezi

Garaşsyz baky  Bitarap türkmen döwletimiziň professional saz sungatynyň ösmegine öň [...]

Kitaphana

Garaşsyz baky  Bitarap türkmen döwletimiziň professional saz sungatynyň ösmegine öň [...]

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm