Horeografiýa
Mekdepde iň ýaş bölümleriň biri horeografiýa bölümidir. Bu bölüm 1981-nji ýylda açylýar. Geçilen döwür içinde bölüm eziz Watanymyzyň tans sungatyna ezber ýaşlaryň onlarçasyny taýýarlamak işine uly goşant goşup gelýärler.
Bölümiň işini ýola goýan, onuň işiniň döwrebap alynyp barylmagyna öz zähmetini siňdirenleriň biri, bu işiň janköýeri, ussat tansçy S.Nepesowdyr.
Horeografiýa sungaty boýunça ýaşlary ýetişdirmekde G.O.Musaýewanyň, A.A.Pursiýanowyň, N.H.Pursiýanowanyň, I.A.Mergenowanyň, T.Gustowanyň başyny başlan asylly işini häzirki wagtda S.Gurbanow, A.Ballyýewa, D.Annaniýazowa, S.Gurniskaýa, Ý.Seýitkuliýewa, N.G.Gurbanowa, G.G.Aşirowa ýaly ussatlar dowam etdirýärler.