Milli saz gurallary


Mekdepde milli saz gurallary bölümi 1971-nji ýylda döredilýär. Bölümde başda dutar, gyjak, kiriş kakarly dutar ýaly hünärlerden sapak alnyp barlan bolsa, soňra onuň çägi has giňelip, kanun, dilli tüýdük, gargy tüýdük, bagşyçylyk hünärleri bilen üsti ýetirilýär. Bölümi esaslandyran hem-de köp ýyllaryň dowamynda onuň işini ýola goýýan guramaçy, hem-de usulyýetçi ussat mugallim Ö.Gandymowdyr.
Ýaşlary milli sungatymyzyň täsin gözelliklerine aralaşdyrmak işine Ö.Gandymow, A.Söýünow, I.Salarow, Ş.Bäşimow, A.Gowşudow, A.Saparow, Ö.Orazmuhammedow, N.Meredow, G.Gandymowa, Ç.Orazmämmedow ýaly ussatlar uly goşant goşdular we goşup gelýärler.

Paýlaş

Fortepiano

Mekdepde milli saz gurallary bölümi 1971-nji ýylda döredilýär. [...]

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm