Sazyň nazaryýeti
Sazyň nazaryýeti dersi saz sungatynyň esaslaryny öwretmeklik bilen birlikde ýaşlarda saz düzmek, saz ýazmak ýaly döredijilige hem yhlas, ymtylyş döredýär. Şonuň üçin hem mekdepde hünär alan ýaşlaryň içinden birnäçe tanymal kompozitorlar hem kemala geldi. Bu ugurda köp ýyllardan bäri zähmet çeken, yhlas görkezen ussat mugallymlardan W.S.Kasy, A.L.Kapustinany, O.W.Jemalowany, T.S.Myradowany, J.Tägiýewany, L.N.Annageldiýewany, E.R.Akseonowany, W.A.Abaýewany, A.U.Halbaýewy, A.S.Hojagurbanownany, Ý.M.Soworowany, M.W.Kasy, B.S.Gelmany, A.W.Myşkynany, L.B.Galustýany görkezmek bolar.