Fortepiano
Mekdepde häzirki döwürde jemi 8 bölüm hereket edip, onuň iň irki, has dogrusy mekdebiň döredilen günlerinden başlap işläp gelýän bölüminiň biri fortepiano bölümidir. Bölüm taryhy döwür içinde H.A.Aždarowa, A.S.Aýmyradowa, A.Çerkezowa, A.Starikow, I.S.Alehina, A.Nadjafow, D.Gylyçmyradowa, I.G.Osipowa, S.A.Abadonowa, G.D.Taşkendowna ýaly ussat mugallymlaryň tagallasy bilen onlarça şägirtlere “ak pata” berildi.