Eziz Garýagdyýew Russiýa Federasiýasynyň «Saz marafony» atly halkara bäsleşiginde III derejeli Diploma mynasyp boldy

   Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, «Üflenip we kakylyp çalynýan sazgurallary» bölüminiň mugallymy Ahmat Çaryýarowiç Abaýewiň 7-nji synp okuwçysy, ýaş sazanda Eziz Garýagdyýew Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen Russiýa Federasiýasynyň IX Saz gurallarynda ýerine ýetirijiliginiň halkara «Saz marafony» («Музыкальный марафон») atly bäsleşiginde 11-13 ýaşly sazandalaryň arasynda goboý saz guralynda ýekelikde çalmakda bäsleşigine gatnaşyp III derejeli diploma mynasyp boldy. Bu her ýylda geçirilýän we däp bolan zehinli ýaşlaryň döredijilik bäsleşigidir.
     Eziz Garýagdyýew Italiýanyň meşhur wenesiýaly kompozitory Alessandro Marçellonyň «Goboý we orkestr üçin konsertiniň» I-nji bölümini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardy we bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan oňa ýokary baha berildi. Eziz Garýagdyýewiň çykyşyna fortepiano saz guralynda sazandarlyk eden Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň konsertmeýsteri Melkumowa Diana Olegowna we hünär mugallymy Abaýew Ahmat Çaryýarowiçe halkara basleşigine zehinli okuwçy taýýarlandyklary üçin Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm