«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijisi
Zehinli kompozitor Jumagulyýew Kerim Gadamowiç Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň saz nazaryýeti bölüminiň ýaş mugallymy, beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň meşhurlanmagyna goşan goşandy, ýaşlarda watançylyk söýgüsiniň, agzybirlik hem ynsanperwerlik garaýyşlarynyň kemala gelmeginde, häzirki zaman aýdym-saz eserlerini döretmekde gazanan üstünlikleri, şeýle-de baýramçylyk konsertlerinde çykyşlary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn zynjyry we 3500 (üç müň bäş ýüz) manat pul baýragy bilen sylaglanyldy.