«Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp geçirilen konsert»

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Arkadag Serdarly ýaşlar ýylynda» Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar üçin düýpli bilim almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli  konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Kiçi konsert zalynda «Halk saz gurallary» bölüminiň akkordeon  hünäriniň 11-nji synp okuwçysy Perhat Tagiýewiň eziz Diýarymyzyň şanly hemişelik Bitaraplyk baýramy mynasybetli ýekelikde taýýarlan konserti bolup geçdi. Perhat Tagiýew halypa mugallym Wera Aleksandrowna Anfaýlowanyň klasynda tälim alýar. Konsertde türkmen we  daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy saz eserleri ýerine ýetirdi. Ž.Katiniň «Konsert troptih», Ç.Nurymowyň «Ekspromt-fantaziýa»,  P.Frossininiň «Wenesiýadaky karnawal», N.Halmämmedowyň «Dutaryň owazy» we N.Rimskiý-Korsakowyň «Arynyň uçuşy» atly eserlerini  Perhat ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Diňleýjelir zehinli sazandanyň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm