Leýli Garýagdyýewanyň Russiýa Federasiýasynda geçirilen bäsleşikde ýeten üstünligi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, «Ýörite fortepiano» bölüminiň mugallymy
Bagtygül Bekmyradowna Seýitgulyýewanyň 11-nji synp okuwçysy, ýaş pianinoçy
Leýli Garýagdyýewa Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde çagalar
sazçylyk we sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen Russiýa
Federasiýasynyň IX Saz gurallarynda ýerine ýetirijiliginiň «Saz marafony»
(«Музыкальный марафон») atly bäsleşiginde 17-20 ýaşly sazandarlaryň arasynda
fortepiano saz guralynda ýekelikde çalmakda bäsleşigine gatnaşyp, III derejeli
diploma mynasyp boldy.
Bu her ýylda geçirilýän we däp bolan zehinli ýaşlaryň döredijilik
bäsleşigidir. Leýli Garýagdyýewa meşhur rus kompozitory Sergeý Rahmaninowyň
№ 6 «Etýud-kartina» (39-njy opus, a-moll) atly eserini ussatlyk bilen ýerine
ýetirmegi başardy we bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan oňa ýokary
baha berildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm