“Joşgun” a kapella hor toparynyň üstünligi

 Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň “Joşgun” atly a kapella hor topary şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly VII Halkara Festiwalynyň çägindäki döredijilik bäsleşigine gatnaşdy. Bäsleşik türkmeniň ussat kompozitory Nury Halmammedowyň 85 ýyllygyna bagyşlanyldy. Bäsleşige çagalaryň ýerine ýetirmeginde birnäçe eserler hödürlendi, olar: I. S. Bahyň fleýta üçin sýuitasyndan “Skerso” (“Degişme”) atly sazynyň, N. Halmämmedowyň “Aýgytly ädim” kinofilminden “Hüwdi” atly eseriniň, R. Deýwisiň çagalar üçin “Baby shark” (“Akulajyk”) atly aýdymynyň hor üçin aranžirowkalary, K. Jumagulyýewiň “Bagtyýar biz, bagtyýar!” (sözleri: A. Şagulyýewiňki) atly çagalar aýdymy ýaly saz eserleridir. Bäsleşigiň netijeleri boýunça “Joşgun” a kapella hor topary diplom bilen sylaglanyp, bu bäsleşigiň diplomanty boldy. Hor toparynyň ýolbaşçysy ýaş kompozitor Kerim Jumagulyýew bu toparyň ýolbaşçysy hökmünde bäsleşigiň eminler topary tarapyndan “Etnomedeni däpleri saklamak bilen düzülen saz üçin” ýörite diplomy bilen sylaglandy. Bu akapella hor toparyna mekdebiň dürli hünärlerde okaýan okuwçylary gatnaşýar. Toparyň döredijilik hazynasynda türkmen halypa kompozitorlaryň, şeýle-de dünýä belli daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdymdyr-sazlary we häzirki zaman çagalar üçin döredilen meşhur aýdymlaryň täzeden işlenilen nusgalary bar. Bu toparyň esasy maksady meşhur aýdym-sazlary döwre görä täzeden işläp, eserlerde döwrebap aýdylyş tilsimlerini ulanyp ýaş diňleýjilerde, ýerine ýetirijilerde nusgawy saza bolan söýgülerini ösdürmek we halk köpçüligine ýetirip, olary täze öwüşginde açyp görkezmekdir. “Joşgun” atly a kapella hor topary mekdebiň çäginde we ondan daşary dürli konsertlerde yzygiderli çykyş edýärler, şonuň bilen bilelikde Türkmenistanyň “Aşgabat”, “Türkmenistan” we “Türkmen owazy” teleýaýlymlarynda şekilli aýdymlary ýazgy edilýär.“Joşgun” a kapella hor toparyna gatnaşyjylaryň ählisine täze-täze üstünlikleri, köpsanly baýraklary we diňleýjileriň sögüsini gazanmaklaryny arzuw edýäris!

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm