Ýaş skripkaçy Bişkekde geçirilen halkara ýaryşynda zehini bilen emin agzalaryny özüne çekdi
Gyrgyzystanyňpaýtagty Bişkek şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýaş wekilleriniň
arasynda XVII Delfiý oýunlarynyň bäsleşigi geçirildi. Delfiý oýunlary – bu
däp bolup, her ýylda geçirilýän, zehinli ýaşlaryň döredijilik bäsleşikleri
bolup, ol: fortepiano, skripka, şekillendiriş sungaty, akademiki aýdym aýtmagy,
ýekelikde halk aýdymlary aýtmagy, estrada aýdymy, halk tansy, halk saz
gurallary, üflenip çalynýan saz gurallary we çeperçilik senetçiligi ugurlary
boýunça geçirilýär. Saz sungaty ugry boýunça
Türkmenistanyň ýaş sazandalary bu halkara bäsleşigiň ýörite diplomlaryna we medallaryna
mynasyp boldular. Olardan, Maýa Kulyýewa
adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk
mekdep-internatynyň skripka hünäriniň 10-njy synp okuwçysy Elina Gurbanowa Üçünji
derejeli diploma we bürünç medalyna mynasyp boldy. Elina «Altyn asyr»
bäsleşiginiň ýeňijisi Gözel Gurbanowanyň okuwçysy.