Türkmenistanyň ýaş pianinoçysynyň üstünligi
Gyrgyzystanyň
paýtagty Bişkek şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýaş wekilleriniň
arasynda XVII Delfiý oýunlarynyň bäsleşigi geçirildi. Delfiý oýunlary – bu däp bolup, her ýylda geçirilýän,
zehinli ýaşlaryň döredijilik bäsleşikleri bolup, ol: fortepiano, skripka,
şekillendiriş sungaty, akademiki aýdym aýtmagy, ýekelikde halk aýdymlary
aýtmagy, estrada aýdymy, halk tansy, halk saz gurallary, üflenip çalynýan saz gurallary
we çeperçilik senetçiligi ugurlary boýunça geçirilýär. Saz sungaty ugry boýunça Türkmenistanyň ýaş
sazandalary bu halkara bäsleşigiň ýörite diplomlaryna we medallaryna mynasyp
boldular. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň fortepiano hünariniň 11-nji synp okuwçysy Aýnur
Otuzowa «Döredijilik kuwwaty üçin» atly Ýörite diploma mynasyp boldy. Aýnur
Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Jeýhun Babaýewiň okuwçysyю