"Dutaryň owazy" atly VIII Halkara festiwalynyň ýeňijisi
Üstümizdäki ýylda Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky "Dutaryň owazy" atly VIII Halkara sungatlaryň festiwaly beýik türkmen şahyry we akyldar filosofy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär. Onuň maksatnamasy örän giň we köpugurlydyr. Ýylyň dowamynda festiwalyň çäginde döredijilik bäsleşikler, konsertler, leksiýa-konsertler, çeperçilik sergiler, ylmy maslahatlar ýaly dürli görnüşli dabaralar, festiwala gatnaşan kompozitorlaryň we suratkeşleriň eserlerinden düzülen nota-illýustratiw ýygyndysy çapa taýýarlanyldy.
Festiwalyň iň bir täsirli wakalarynyň biri "Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen eserleri" ady bilen geçirilen kompozitorlaryň halkara bäsleşigidir.
Bäsleşigiň jeminde ýaş türkmen kompozitory, mekdebimiziň mugallymy Kerim Jumagulyýewiň I oruny eýelemegi juda buýsançlydyr.
Türkmenistanyň halk artisti, belli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň ilkinji şägirdi Kerim bäleşige akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döreden "Aýryldym" - tenor, wiolonçel we fortepiano üçin romans-poemasyny ugratdy. Russiýanyň we Türkmenistanyň görnükli kompozitorlary, sazşynas alymlary we wokal boýunça mugallymlary öz içine alýan emin agzalary K.Jumagulyýewiň eserlerine ýokary baha berdi.
Festiwaly gurnaýjy, onuň çeper ýolbaşçysy, Ýewraziýanyň Kompozitorlar birleşiginiň Türkmen sebitleýin şahasynyň ýolbaşçysy, Russiýa kompozitorlar birleşiginiň agzasy Mämmet Guseýnow Kerimiň "Aýryldym" eserine ýazan synynda: "Magtymgulynyň goşgularyna ençeme döwrebap kompozitorlar öz eserlerini döretdi, ýöne welin olaryň arasynda Kerim Jumagulyýewiň eserinde men Magtymgulynyň özüni eşidiň bildim. Ol hudožnik ýaly şahyryň ruhuny duýup, onuň keşbini owaz arkaly beýan etmegi başarypdyr! Kärdeşim we dostumy bu zehinli eser bilen gutlaýaryn!" diýip uly baha berýär.
Biz hem öz ýaş kärdeşimiz Kerim Jumagulyýewi gutlaýarys. Onuň üstnüliklerine buýsanýarys we oňa täze-täze döredijilik belentliklerine ýetmek arzuw edýäris!
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
ýörite sazçylyk mekdep-internaty.