Yhlas üstünligiň girewi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda dünýä ülüňlerine laýyk gelýän bilimli, ylymly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada dürli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda ýaş zehinleri gözläp tapmak, olaryň zehinlerini ösdürmek üçin dürli işler alnyp barylýar. Geçirilýän medeni çäreler, festiwallardyr sergiler ýaşlarda türkmen halkynyň milli mirasy bilen tanyşmaklaryna, oňa bolan söýgülerini ösdürmeklige ýardam edýär. Ýaşlaryň daşary ýurtlarda halkara derejesinde geçirilýän dürli medeni çärelere gatnaşmaklary bolsa, olaryň zehininiň açylmagyna, şeýle hem türkmen ynsanperwerlige ýugrulan edebiýatyny, medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmaklyga mümkinçilik berýär. Öz milli gymmatlyklaryna bolan söýgülerini ösdürýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýäniň dürli döwletleri bilen ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklar hemme taraplaýyn ösdürilýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli medeni çäreler yzygiderlikde geçirilip durulýar. Şonuň ýaly hem türkmen ýaşlary halkara derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşýarlar. Muňa mysal hökmünde Garaşsyz döwletleriň arasynda geçirilýän açyk çagalar delfi oýunlaryna türkmen çagalarynyň hem gatnaşmaklaryny getirmek bolar. Gyrgyzystan döwletiniň Bişkek şäherinde 30-njy sentýabr 5-nji oktýabr aralygynda geçirilen bu açyk çagalar Delfi oýunlara türkmen çagalarynyň hem ençemesi sunatyň dürli görnüşleri boýunça gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup geldiler.
Gyrgyzystan döwletinde geçen açyk çagalar Delfi oýunlaryna biziň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatymyzyň okuwçylaryndan: Nurýagdyýew Akmuhammet (milli saz guraly dutarda, halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek), Baýramowa Aýlar (skripka saz guralynda saz çalmak), Ahmedow Aýly (akkordeon saz guralynda saz çalmak), Muhammetgulyýewa Bägül (fortepiano saz guralynda saz çalmak) gatnaşyp, diploma eýe bolup geldiler. Çagalaryň şeýle halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary olaryň öwrenýän hünärlerini söýüp, täzeçe hyjuw bilen ýapyşmaklaryna höweslerini artdyrýar.
Biz bu mekdep-internatynyň mugallymlary we okuwçylary bolup, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda, çagalaryň zehinini ösdürmekde şeýle mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, olaryň il-halkymyz, ýaş nesillerimiz üçin edýän aladalary rowaç alsyn!
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň
ene dili we edebiýaty mugallymy Sahatowa Maýa