Wenada geçirilen Bütindünýä orkestr festiwalynda türkmen sazandalary «Altyn baýraga» mynasyp boldular

25-28-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena
şäherinde X Bütindünýä orkestr festiwaly geçirildi. Halkara festiwala türkmen 
sazandalaryndan ybarat bolan Türkmenistanyň ýaşlar kamera orkestriň ikinji gezek gatnaşmaklary aýratyn ähmiýetlidir, olar «Kamera orkestri» ugry boýunça «Altyn baýraga» mynasyp
boldular. Orkestriň sazandarlygynda
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk
mekdep-internatynyň, «Halk saz gurallary» bölüminiň
10-nji synp okuwçysy, ýaş sazanda Gulpolat Şadurdyýew milli dutar saz guralynda kamera orkestri bilen ýekelikde çykyş edip,
ol «Durdy bagşy» halk sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Onuň hünär
mugallymy Baýramgeldi Ýazgeldiýewiç Atadurdyýew.   

Bu abraýly Halkara saz baýramçylygy 2013-nji ýylda Wena şäherinde esaslandyrylan Bütindünýä orkestr festiwaly hökmünde her ýyl uly şatlyk-şagalaň bilen geçirilip, ol dünýäniň Awstriýa, Fransiýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Hytaý ýaly dürli ýurtlardan köp sanly sazandalary we orkestrleri bir ýere jemleýär.

Eminler toparynyň düzümindäki tanymal dirižýorlar, saz sungatynyň görnükli wekilleri Türkmenistanyň ýaşlar kamera orkestriniň çykyşyna ýokary baha berdiler. Festiwalyň netijeleri boýunça türkmen sazandalary «Altyn baýragy» bilen bir agyzdan sylaglandylar.

Bütindünýä orkestr festiwalynyň ýapylyş dabarasy «Altyn zal» ady bilen
tanalýan, dünýäniň iň meşhur konsert zallarynyň biri bolan Wena filarmoniýasynda («Muzikferaýn») geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm