Ylham Orazmämmedow «15th World Open Music Competition» atly onlaýn Halkara bäsleşiginde I derejeli Diploma mynasyp boldy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite
sazçylyk mekdep-internatynyň, «Ýörite fortepiano» bölüminiň mugallymy,
Halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Ogulkeýik Hojagurbanowanyň 10-njy synp
okuwçysy, ýaş pianinoçy Ylham Orazmämmedow her ýyl Serbiýa döwletinde
geçirilýän «15th World Open Music Competition (Serbia 2024)» atly Halkara
bäsleşiginde I derejeli Diploma mynasyp boldy.
Ylham Orazmämmedow Halkara bäsleşiginde dürli döwletlerden gatnaşan 15-18
ýaşly sazandarlaryň arasynda fortepiano saz guralynda ýekelikde çykyş edip,
ýokary derejeli üstünligi gazanmagy başardy.
Ylham meşhur nemes kompozitory Iogann Sebastian Bahyň «Gowy temperirlenen
klawir» toplumynyň ikinji bölüminden «Prelýudiýa we fuga» d-moll, wenger
kompozitory Ferens Listiň «Transtendent» etýud f-moll, şeýle-de polýak
kompozitory Friderik Şopeniň «Skerso» № 2 atly saz eserlerini ýokary
professional derejede ýerine ýetirmegi başardy. Ýaş sazandanyň çykyşyna
bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.
Ylham Orazmämmedow Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, «Ýörite
fortepiano» bölümine 2015-nji ýylda okuwa girip, ol başlangyç synplarda
fortepiano saz guralynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, halypa
mugallym Abodonowa Swetlana Awanesownanyň klasynda okap, fortepiano saz
guralynda ýerine ýetirijilik sungatynyň inçe syrlaryny öwrendi. Soňra ýokarky
synplarda ýaş mugallym Ogulkeýik Hojagurbanowanyň klasynda okuwyny dowam
edýär.
Halkara bäsleşiginiň emin agzalary Ogulkeýik Hojagurbanowanyň ýaş sazandalary
şeýle ýokary derejeli bäsleşiklere taýýarlamak başarnygyna, alyp barýan netijeli
pedagogiki işine ýokary baha berip, ýörite Diplom bilen sylaglady.