«Mukam» skripkaçylar toparynyň «Bagtyýar nesiller» atly gala konserti geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary netijesinde Ata-Watanymyzyň ýagty geljegini şöhlelendirjek ýaş neslimiziň sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Medeniýetiň we sungatyň ösmegi ýaş neslimiziň medeni aň-bilim derejesini, ruhy kämilligini, sowatlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň ýolbaşçylygyndaky «Mukam» skripkaçylar toparynyň «Bagtyýar nesiller» atly gala konserti geçirildi.
Ýaş skripkaçylara sazandarlyk eden we konserti taýýarlan halypa mugallymlar «Türkmeniň Altyn Asyr» atly bäsleşiginiň ýeňijileri M.Maksudowa, G.Seýitniýazowa, E.Jumakulyýewa, Halkara bäsleşiginiň ýeňijisi 11-nji synp okuwçysy A.Otuzowa.
Konserti Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly sazy bilen açdylar.
Konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň saz eserleri ýaňlandy, olardan: N.Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» baletinden sýuita, R.Аllaýarowyň «Gündogar fantaziýasy», N.Hojamuhammedowyň «Eziz Watanym», K.Karaýewiň «Gümmürdiň ýodasy bilen» baletinden «Hüwdi aýdymy» we «Tans», J.Uilýamsyň «Şindleriň sanawy», M.Kažlaýewiň «Konsert tangosy» we «Konsert pýesasy» we başgalar ýerine ýetirildi.
Başga-da, «Mukam» skripkaçylar toparynyň sazandarlygynda Türkmenistanyň at gazanan artisti L.Ökdirowa «Alesýa» aýdymy, zehinli dutarçy Yhlas Satlykowyň ýerine ýetirmeginde «Watanym» sazy ýaňlandy. Horeografiýa bölüminiň okuwçylary P.Çaýkowskiniň «Şelkunçik» baletinden bölekleri hem diňleýjilere aýratyn täsirlerini ýetirdi.
Konserti jemlemek bilen, «Mukam» skripkaçylar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan-saglyk, uzak ömür we ýaş neslimiziň bagtly geljegi üçin gönükdirilen ähli beýik başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw etdi