Ýaş sazandanyň hasabat konserti geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly täze-täze üstünliklere beslenýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Kiçi konsert zalynda Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň, fleýta hünäriniň uçurymy Söhbet Ergeşowyň hasabat konserti geçirildi. Söhbet Ergeşowyň hünär mugallymy Firýuza Rejepowa, konsertde fortepiano saz guralynda sazandarlyk eden konsertmeýster Leýla Tahyrowa.

Söhbet Ergeşow konserte fleýta, pikkola fleýta we naý saz gurallarynda ussatlyk bilen çykyş etdi. Ýaş sazanda I.S.Bahyň «Sonata» № 5 mi minor birinji we ikinji bölümleri, K.Bollingiň «Fuga», S.Merkadanteniň «Konsert» mi minor birinji bölümi, F.Doppleriň «Hüwdi», W.Gawriliniň «Tarantella», M.Annamyradowyň «Garagum» we «Andižan polkasy» atly özbek halk tansy ýaly saz eserleri ýerine ýetirdi. 

Söhbet Ergeşow mekdebiň göreldeli okuwçylarynyň biridir, ol mekdebiň ýaşlar simfoniki orkestrine, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestrine şeýle-de  halk saz gurallary orkestrine işjeň gatnaşýar.

Golaýda Söhbet Ergeşow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2024-nji ýylda tamamlaýan uçurymlaryň arasynda geçirilen «Ýaşlyk joşguny» atly bäsleşigine gatnaşyp Hormat hata mynasyp boldy.

Diňleýjiler ýaş sazandanyň çykyşyna el çarpyşmalary bilen uly baha berdiler we gelejekde Söhbet Ergeşowa döredijilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm