Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
17-nji maýda
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Uly konsert
zalynda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» S.Nepesowyň ýolbaşçylygynda,
halypa mugallymlar S.Gurniskaýanyň, D.Annaniýazowanyň, Ý.Seýitkuliýewanyň,
O.Gylyjowyň we S.Gurbanowyň taýýarlamagynda Horeografiýa we Halk saz gurallary bölümleriniň
baýramçylyk konserti geçirildi.
Konsertde R.Şumanyň «Karnawal» baletinden «Kebelekleriň
tansy», A.Adanyň «Žizel» baletinden «Wariasiýa», D.Şostakowiçiň «Saýawanly tans»,
L.Minkusyň «Pahita» baletinden «Mazurka», E.Grigiň «Per Günt» baletinden «Norwegiýa»
tansy, şeýle-de K.Gardeliniň täzeden işlän «Tango» tansy we «Rus tansy», «Başkir
tansy», «Tatar tansy», «Türkmen tansy» ýaly dürli halklaryň milli halk tanslary
ýerine ýetirildi.
Tans bölüminiň baýramçylyk konsertinde kiçi we uly
tans toparlary çykyş etdiler, olardan: mekdebiň uçurymlary B. Annagulyýew,
E.Aşyraliýewa, B.Sapbyýew, A.Muratowa halypalaryndan öwrenen horeografiýa
sungatynyň inçe syrlaryny ýokary derejeli ussatlyk bilen görkezmegi başardylar.
Dürli häsiýetli tanslaryň ýerine ýetirijiligi Halk
saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň ýekelikde çykyşlary bilen utgaşdyryldy.
Konsertiň dowamynda mugallym G.Babanyýazowanyň 7-nji synp okuwçysy A.Janlyýew kompozitorlar
P.Frasininiň «Tango» we N.Budaşkiniň «Konsert», S.Gamenkowanyň uçurymy
Y.Şerdaliýewiň kompozitorlar W.Kowtunyň «Gara gözler» we W.Wlasowyň «Basso
ostinato», W.Anfaýlowanyň uçurymy P.Tagyýew kompozitor W.Wlasowyň «Bossa nowa»
we «Ýarmarkada» ýaly saz eserlerini akkordeon saz gurallarynda ýokary
professional derejede ýerine ýetirdiler.
Konsertde ýerine ýetirilen eserleri zalda oturan
diňleýjiler şowhunly el çarpyşmalary bilen kabul etdiler, olar ýaş tançylara we
sazandalara gelejekde hem döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.