Magtymguly Pyragynyň dogulan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert

   Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Kiçi konsert zalynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, mekdebiň Üflenip we kakylyp çalynýan saz
gurallary bölüminiň okuwçylaryndan düzülen orkestriniň baýramçylyk konserti
geçirildi. 

   Ýaş sazandalaryň orkestriniň çeper ýolbaşçysy we dirižýory halypa mugallym Çary Kuliýewiç Akyniýazow. Konsertde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň meşhur saz eserleri ýaňlandy. Dabaraly konsert Weli Ahmedowyň «Türkmen ýaşlarynyň marşy» atly saz eseri bilen açyldy. Soňra konsertiň dowamynda D.Öwezowyň «Lälejan», A.Agajykowyň «Aýly agşam», N.Halmämmedowyň «Haýrana galar» we «Aýnanyň aýdymy», R.Rejepowyň «Ýaşlar tansy», Ç.Nurymowyň «Döwranyň aýdymy» we «Meleguş» kinofilmlerinden saz bölekleri, şeýle-de daşary ýurt sazlaryndan I.Ştrausyň «Persiýa marşy», P.Çaýkowskiniň «Kiçijik guwlaryň tansy», A.Badeltyň «Karib deňiziniň galtamanlary» atly kinofilminden sazy ýaly meşhur eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.  

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm