Ýaş skripkaçy gyzlaryň hasabat konserti geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Kiçi zalynda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», halypa mugallym Zeýtuna Ahmedjanowanyň şu ýyl mekdebi tamamlaýan uçurumlary, Mähriban Abdyýewa we Şasenem Rejepowa ýekelikde konsert berdiler. «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, mugallym Maýa Maksudowa ýaş sazandalara fortepiano saz guralynda sazandarlyk etdi. 
Zehinli skripkaçy gyzlar golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2024-nji ýylda tamamlaýan uçurumlaryň arasynda geçirilen «Ýaşlyk joşguny» atly bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelediler. Kirişli saz gurallary hünärleriniň arasynda Mähriban Abdyýewa II oruna, Şasenem Rejepowa III oruna mynasyp boldylar.
Konsertiň dowamynda Mähriban Abdyýewanyň ýerine ýetirmeginde I.S.Bahyň «Sonata № 1» - «Sisiliano Presto», S.Rahmaninowyň «Margaritki», S.Prokofýewiň «Konsert № 1» 2-nji we 3-nji bölümleri, K.Korçmarýowyň «Aldar Köse» baletinden «Liriki epizod», G.Wenýawskiniň «Grand Polonez» re mažor saz eserleri, şeýle-de Şasenem Rejepowanyň ýerine ýetirmeginde I.S.Bahyň «Sonata № 3» - «Largo, Allegro», R.Wagneriň «Albomdan sahypa», K.Sen-Sansyň «Hawanes», A.Şapoşnikowyň «Türkmen tansy», F.Mendelsonyň «Skripka we orkestr üçin konsert» mi minor, 1-nji bölümi ýaňlandy.
Diňleýjiler ýaş sazandalaryň çykyşlaryna el çarpyşmalary bilen golladylar we gelejekde olara döredijilik işlerinde uly-uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm