«Ýaşlyk mukamy» bäsleşigi jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylynda milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek barada taýsyz tagallalar
edýän hormatly Prezidentimiziň sungata höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak
maksady bilen durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzda ezber aýdymçylaryň we
sazandalaryň ýüze çykarylmagynda, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny
kämilleşdirmegine giň mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky
ýörite sazçylyk we orta hünär sungat mekdeplerinde bilim alýan zehinli ýaş
ýerine ýetirijileriň arasynda yglan edilen “Ýaşlyk mukamy” atly bäsleşigi
geçirildi.

Bäsleşigiň birinji tapgyry
degişlilikde welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän ýörite
sazçylyk we sungat orta hünär okuw mekdeplerinde geçirildi.

Bäsleşigiň ikinji tapgyry türkmen milli saz gurallary we bagşy hünärleri
boýunça - Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde;
fortepiano we kirişli saz gurallary boýunça -
Maýa Kulyýewa
adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk
mekdep-internatynda; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary hem-de ýekelikde
aýdym aýtmak sungaty boýunça - Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky türkmen
döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde geçirildi.

2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite
sungat mekdebinde
bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk
mekdep-internatynyň okuwçylary bäsleşige gatnaşyp, ýokary bahalara mynasyp
boldular:

Ýörite fortepiano bölüminiň 11-nji synp okuwçysy Aýnur Otuzowa I oruna (hünär
mugallymy N.Kuliýewa), 11-nji synp okuwçysy Leýli Garýagdyýewa II oruna (hünär
mugallymy B.Seýitkuliýewa) mynasyp boldular.

Kirişli saz gurallary bölüminiň skripka hünäri boýunça 11-nji synp okuwçysy Leýli Salyhowa
I oruna (hünär mugallymy Z.Ahmedjanowa, konsertmeýstery A.Silgeldiýewa);
skripka hünäri boýunça 11-nji synp okuwçysy Nurana Nuryýewa  we 10-njy synp okuwçysy Elina Gurbanowa II
oruna (hünär mugallymy G.Seýitnyýazowa, konsertmeýstery M.Maksudowa); 10-njy
synp okuwçysy Şeýda Agabaýewa III oruna (hünär mugallymy G.Neýmark,
konsertmeýstery M.Maksudowa) mynasyp boldular.

Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň 11-nji synp okuwçysy Kerimberdi Garajaýew
I oruna (mugallymy O.Nadžafow, konsertmeýstery D.Melkumowa) mynasyp boldy.

Şeýle-de, skripka hünäri boýunça 11-nji synp okuwçysy Aýperi Borjakowa we milli saz
gurallary bölüminiň dutar hünärinden 10-njy synp okuwçysy Älem Ahmetaliýew
Hormat hatlaryna mynasyp boldular.  

Ilkinji orunlara mynasyp bolan okuwçylar dabaraly konserte gatnaşyp üstünlikli çykyş
etdiler.

Bäsleşige gatnaşan ýaşlar, zehinli sazandalary ýüze çykarmakda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri
hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm