Türkiýä Respublikasynda Halkara çagalar festiwaly geçirildi
Ýakynda 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 18-24-i aralygynda,
Türkiýä Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türkiýäniň Radio we
telewideniýe guramasy (TRT) tarapyndan “23 Nisan” atly 46-njy Halkara çagalar
festiwaly geçirildidi. Türkmenistanyň
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň “Şowhun” çagalar tans topary hem
bu Halkara çagalar festiwalyna işjeň gatnaşdy.
Bu ýylky geçirilen Halkara çagalar festiwalyna dünýäniň
29 ýurdundan, ýagny Hytaý Halk Respublikasy, Beýik Britaniýa, Wengriýa,
Serbiýa, Wenesuela, Gazagystan, Özbegystan, Gyrgyzystan Respublikasy,
Täjigystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Ukraina, Moldowa, Günorta Afrika Respublikasy
ýaly döwletleriň çagalaryň döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň skripka hünäri boýunça okaýan
6-njy synp okuwçysy Isgender Rejepow we skripka hünäri boýunça okaýan 8-nji
synp okuwçysy Magtymgulyýewa Mähriban bu Halkara çagalar festiwalyna
gatnaşdylar. Olar “Şowhun” çagalar tans toparyň çykyşynda “Küştdepdi”,
“Düwmeler” ýaly türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Festiwala gatnaşan döredijilik toparlaryň wekilleri
türkmen çagalarynyň joşgunly çykyşlaryna uly baha berip, bu toparyň öz
ýurtlarynda geçirilýän çagalar festiwallarynda hem görmek isleýändiklerini
buýsanç bilen bellediler.