Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň hasabat konserti geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite
sazçylyk mekdep-internatynyň Uly zalynda hasabat konserti geçirildi.
Konsert mekdebiň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitor
Amandurdy Agajykowyň «Halk baýramçylygy» atly dabaraly sazy bilen açyldy. Ýene-de
şol toparyň sazandarlygynda Alem Ahmetalyýewiň dutar saz guralynda ýekelikde
ýerine ýetirmeginde Amandurdy Agajykowyň «Durdy bagşy» sazy ýaňlandy, orkestriň
çeper ýolbaşçysy we dirižýory Meret Muhammetgulyýew.
Konsertde daşary ýurt kompozitorlary Roman Bažyliniň «Konsert», Wiktor
Wlasowyň «Bossa nowa», Jeýsi Kukyň «Konsert», Frans Şubertiň «Serenada», Aram
Haçaturýanyň «Giriş», Genri Monçininiň «Şa walsy» ýaly meşhur saz eserleri ýerine ýetirildi.
Şeýle hem konsertde türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden Rejep Gutlyýewiň
«Gitdim», Çary Nurymowyň «Meniň dostum Meleguş» çeper filminden «Altynyň aýdymy», Nury Halmammedowyň «Durnalar» we «Prelýudiýa», Gulşat Ödeniýazowanyň «Aşgabat» aýdymy, Akmyrat Rejepowyň «Joşgun» we «Konsertino», Weli Muhadowyň «Aýlar we Çaryýaryň» dueti, Nury Hojamuhammedowyň «Eziz Watan», Rowşen Nepesowyň «Zenana bolan söýgi» we türkmen halk aýdym-sazlaryndan «Bu derdi», «Bilen barmy», «Bolar sen», «Aýjemal» ýaly eserleri ýaňlandy.
Konsert Türkmenistanyň halk artisti Berdiniýaz Babanyýazowyň «Gahryman Arkadag
bilen, Gahryman Serdar bilen» aýdymy bilen jemlenildi.
Hasabat konsertinde belentden ýaňlanan aýdymdyr sazlary mekdebiň «Mukam»
skripkaçylar topary (çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti G.Neýmark), «Güneş»
we kiçi hor toparlary, «Japbaklar» topary, halk saz gurallary, milli saz
gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, kirişli saz gurallary,
tans, akkordeonçylar, tarçylar, gyjakçylar, bagşylar we dutarçylar toparlary çykyş etdiler.