«Suleýman Jumamyradowyň solo konserti»
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Kiçi konsert zalynda «Kirişli saz
gurallary» bölüminiň mugallymy Alla Ýewgenewna Gutlymyradowanyň klasynda alt hünärinde
okaýan 11-nji synp okuwçysy Suleýman Jumamyradowyň ýekelikde çykyş etmeginde solo konserti geçirildi.
Oňa fortepiano saz guralynda sazandarlyk eden Maýa Muhammetnurowna Maksudowa.
Suleýman Jumamyradowyň konsert maksatnamasynda uly göwrümli
saz eserlerinden M.Regeriň № 1-nji «Sýuitasynyň» Birinji we Ikinji bölümleri, S.Forsaýtyň
«Alt we orkestr üçin Konsertiniň» 1-nji bölümi, şeýle-de A.Wetanyň «Elegiýa», N.Hojamuhammedowyň «Heň» we A.Delýukyň
«Tarantella» ýaly dürli häsiýetli pýesalary ýerine ýetirildi. Diňleýjiler ýaş sazandanyň ýerine ýetiren
saz eserlerini diňlemeklerinden soňra, onuň üstünlikli çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar
bilen goldadylar.