«Perhat Tagiýewiň solo konserti»

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip
yglan edilen 2024-nji ýylynda eziz Diýarymyzda milli medeniýetimiz bilen bagly
dabaralar yzygiderli geçirilýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Konsert zalynda «Halk saz
gurallary» bölüminiň mugallymy Wera Aleksandrowna Anfaýlowanyň
taýýarlamagynda akkordeon hünäri boýunça uçurym, 11-nji synp okuwçysy
Perhat Tagiýewiň ýekelikde çykyş eden solo konserti geçirildi.
Konsertde türkmen we daşary ýurt nusgawy kompozitorlarynyň eserleri
ýaňlandy. Olardan polifoniýa žanrynda I.S.Bahyň organ üçin «Prelýudiýa we
fuga” d-moll we meşhur nemes kompozitoryň däplerinde döredilen
N.Halmämmedowyň «Elegiki prelýudiýa we fuga» atly eserleri, şeýle-de uly
göwrümli wirtuoz saz eserlerinden N.Halmämmedowyň «Dutaryň owazy»,
F.Listiň «Wenger rapsodiýasy» №2, Ž.Katiniň «Tarantella» we
W.Semenýowyň «Bolgar sýuitasy» ýaly eserleri ussatlyk bilen ýerine
ýetirildi. Başga-da, ýaş sаzandanyň maksatnamasynda halk sazlaryny täzeden
işlenilen nusgalary diňleýjilere hödürlenildi, şeýle zehinli sazandanyň
çykyşynda ýaňlanan Ý.Çabşiýiň «Funki time», W.Wlasowyň «Ýarmarkada»
we «Bossa-Nowa» ýaly ýaňlanan saz eserlerini diňleýjiler şowhunly el
çarpyşmalar bilen kabul etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl abadançylyk köçesi 118

Telefon belgiler:
+993(12) 481951 / 481964
Email:
ysmi@sanly.tm