Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly konsert geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz uly ösüşlere, deňsiz-taýsyz özgertmelere beslenýär.
Bahar aýynyň ilkinji günlerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Uly konsert zalynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly
baýramçylyk konserti guramaçylykly geçirildi. Konserti mekdep-internatynyň direktory, Türkmenistanyň halk artisti Berdinyýaz Babanyýazow 8 mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlaryny, dilleri
senaly käbelerimizi gutlady.
Ilkinji bolup Halk saz gurallar orkestriniň sazandarlygynda mekdebiň 11-nji synp okuwçysy M.Annamuhamedowyň ýekelikde ýerine ýetirmeginde K.Aýdogdyýewiň şahyr G.Hanowanyň goşgusyna döreden «Arkadagly Serdarmyz» atly aýdymy bilen konserti açdylar.
Halypa mugallym Ç.Orazmämmedowyň ýolbaşçylygynda bagşylar topary Magtymguly Pyragynyň goşgusyna «Mätäç eýleme» atly türkmen halk
aýdymy aýtdylar. Şeýle-de, Ç.Orazmämmedowyň we T.Daňatarowyň sazandarlyk etmeginde Joraýewa Dürdäne Magtymguly Pyragynyň goşgusyna «Bu gün» atly türkmen halk aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Mähriban enelerimizi gutlap, L.Seýitnyýazowanyň çeper ýolbaşçylygyndaky «Güneş» hor topary G.Ödenyýazowanyň şahyr N.Gazlyýewanyň goşgusyna «Enelere gutlag», Halkara we Milli bäsleşikleriň ýeňijisi K.Jumagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Joşgun» a’kapella hor ansambly şahyr O.Pirjanowanyň «Ejeme» we B.Babanyýazowyň çeper ýolbaşçylygyndaky «Japbaklar» topary şahyr
Ş.Dolyýewanyň goşgusyna «Ejem jan» atly aýdymlaryny täsirli ýerine ýetirdiler.
Mekdebiň saz gurallary toparlaryndan kakylyp çalynýan saz gurallary topary (Çeper ýolbaşçylary A.Aşyrow we A.Durdygylyjow)
kompozitor A.Haçaturýanyň «Gylyçly tans», gitaraçylar topary (mugallymy
S.Ymamberdiýew) kompozitor Jeýsi Kukyň «Konsert sazy», «Mukam» skripkaçylar topary (çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti G.Neýmark) kompozitor Pol
Marianyň «Kalbymyň owazy» saz çemeni we G.Aşyrowyň «Arzuw» atly sazlaryny
ýokary professional derejede ýerine ýetirdiler.
Konsertiň dowamynda ýekelikde akkordeon saz guralynda A.Janyýew (mugallymy G.Babanyýazowa) kompozitor A.Bažyliniň «Konsert
eserini» we P.Tagiýew (mugallymy W.Anfaýlowa) kompozitor Ý.Kabşyýiň «Fanki Faým», şeýle-de fortepiano saz guralynda A.Orazowa (mugallymy G.Babaýewa) kompozitor E.Grigiň «Anitranyň tansy» we S.Gurbanow (mugallymy D.Gylyçmyradowa) kompozitor D.Krameriň «Pitersonyň bagyşlamasy» sazlaryny
şowhunly ýerine ýetirdiler.
Baýramçylyk konsertine Türkmenistanyň meşhur aýdymçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň halk artisti A.Garýagdyýew «Gutlag aýdym», Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Ylýasow «Sona gelin» we «Güljan» atly türkmen halk aýdymlaryny aýtdylar. A.Ylýasowyň aýdan aýdymlaryna
Türkmenistanyň halk artisti B.Babanyýazow gargy we dilli tüýdüklerinde ussatlyk bilen sazandarlyk etdi. Şeýle-de «Türkmeniň Altyn asyry»
bäsleşiginiň ýeňijisi Ý.Babanyýazowyň ýerine ýetirmeginde «Gahryman
Arkadag bilen, Gahryman Serdar bilen», «Ýüregimde hemişe», «Toý
toý» ýaly aýdan aýdymlaryny diňleýjiler şowhunly kabul
etdiler.
Türkmenistanyň at gazanan artisti J.Tagiýewa kompozitor B.Saparlyýewiň şahyr D.Annamyradowyň goşgusyna döreden «Arkadagly
Serdarym» atly aýdymy bilen dabaraly konserti jemledi.