Ýaş sazandanyň täze üstünligi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Eziz Garýagdyýew «Ciao Italia – Salam
Russiýa» atly medeniýetiň we sungatlaryň köp ugurly onlaýn XI Halkara
festiwal-bäsleşiginiň I derejeli laureaty boldy. Bäsleşik 2023-nji ýylyň dekabr aýyndan 2024-nji ýylyň fewral
aýynyň 15-I aralygynda geçirildi. Bäsleşikde çagalar sazçylyk mekdepleriň,
sungat we çeperçilik mekdepleriň okuwçylary ýekelikde saz ýerine ýetirijiligi
boýunça bäsleşdiler.Ýaş türkmen sazandanyň bu üstünligi onuň üçünji ýeňişidir. Eziz
eýýäm «Saz marafony» we «Gündogar» atly halkara bäsleşikleriniň aureaty bolupdy.Bäsleşikde Italiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we başga döwletleriň meşhur
medeniýet we sungat işgärleriniň wekillerinden düzülen emin agzalary Eziz
Garýagdyýewi taýýarlan mugallymy Ahmat Abaýewi, konsertmeýsteri Diana Melkumowany
hem Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti
Berdiniýaz Babaniýazowy alyp barýan işleriniň netijeleri üçin, medeniýetiň we sungatyň
ösüşine goşan goşantlary üçin, ýaş sazandany Halkara bäsleşigine taýýarlamakda
görkezen pedagogik ussatlygy üçin Hormat hatlary bilen sylagladylar.